Daşoguz şäherinde Garaşsyzlygyň XXXII ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri uly depginde geçirilýär. Welaýat merlezlerinde hem birnäçe baýramçylyk çäreleri geçirilip şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna uludan taýýarlyk görülýär.  

Daşoguz şäherindäki ak öý binasynda geçirilen baýramçylyk çäresi hem uly şatlyk şowhun bilen geçirildi. Oňa Daşogyz şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Bu dabaraly çärede aýdym saz tans oýunlary, Türkmen halkynyň milli tansy bolan Küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Dabaranyň başynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna aýdan gutlagy okaldy.

“Watan diňe halky bilen watandyr” diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen gününden başlap meniň baş aladam diňe halkymdyr diýip belläp geçýär.

Ýurdumyzy halkyň durmuş hal ýagdaýyny gowulandyrmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda döwlet derejesinde geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna uly depginde taýýarlyk görülýär.

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok