,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar’’ ýyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly we eli hünärli bolmagy üçin başlangyçlaryny başlap beren Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny Hormatly Prezidentimiz uly üstünlikler bilen dowam edýär. ,,Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar’’ ýylynda döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalardan ruhlanyp ylymda- bilimde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanjak üstünliklerimiz ,eýelejek belent sepgitlerimiz Arkadag Serdarymyzyň bildirýän şeýle uly ynamyna abraý bilen hötde gelmekde edýän tagallalarymyzyň mynasyp beýanyna öwrülmelidir.

2023-nji ýylyň ,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar’’ diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirilýän uly ynamdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri – birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar.

Arkadagly Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik syýasatyndan ylham alyp joşýan, döredýän gurýan türkmen halky bu gün adalat jemgyýetinde ,demokratik halk ýolunda ýaşaýar. Halkymyz bagtyň täze belentligine göterilen Arkadagly Serdarymyza buýsanýar hem Milli Liderimiziň dünýä nusgalyk kämil taglymatlaryna baş egýär. Çünki, halkymyz öz bagtyny , ýagty geljegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadag Serdarymyzyň täze maksatlarynda görýän hem-de adalatyň we parasadyň dabaralanýan ýolunda bir güýje ,bir göwrä öwrülip, parasatly Watan Lideriniň daşyna has mäkäm jebislenip täze öwüşgindäki döwrebap dost-doganlyk, parahatsöýüjilik, ynanyşmak hem-de halkara bitaraplyk ýollaryndan ynamly gadamlar bilen ýagty geljege barýar. Şeýle asuda, parahat agzybir durmuşda ýaşamaga döredip beren giň gerimleri, döredip beren şertleri üçin hormatly prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!

Şemşat ŞIRIÝEWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok