Nusgawy şahyrynyň mirasyna bagyşlanan birnäçe kitap neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe kitaby neşir etdi.

Täze kitaplaryň ilkinjisi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika institutynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly Pyragy – dünýä danasy» atly ylmy makalalar ýygyndysydyr. Ýygyndyda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan materiallar jemlenipdir. Olar nusgawy şahyryň türkmen hem dünýä edebiýatyna täsiri baradadyr.

Täze kitaplaryň ikinjisi M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary talyplar bilen bilelikde okyjylar köpçüligine Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Kalplara siňen Pyragy» atly şygryýet kitabydyr. Bu ýygyndy türkmen halkynyň Milli Lideriniň pend-u-nesihatlaryndan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasatyndan, dogduk Watanymyzyň gazananlaryndan we beýik şahyryň dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegi bolan öçmejek mirasyndan ylhamlanyp taýýarlanypdyr.

Täze kitaplaryň üçünjisi «Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti» atly neşir bolup, kitapda eserleriň şahyrana we filosofik jähetlerine garap geçýän 12 baby özünde jemleýär. Kitap Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow tarapyndan taýýarlanylypdyr.

Diýar ARAZMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok