Türkmenistan Özbegistanda ilkinji gezek boljak Aziýanyň ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşar

31-nji iýuldan 7-nji awgusta çenli aralykda taryhda ilkinji gezek Özbegistanyň Daşkent şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (OCA) Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) bilen bilelikde 16 ýaşa çenli aralykdaky ýaşlar üçin Aziýa ýaşlar hokkeý lagerini geçirer- diýip Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) resmi saýty habar berýär.

Sport lagerine jemi 126 türgen, tälimçiler we emin agzalary gatnaşar. Türkmen wekilýetinden hem bu lagera 3 adam wekilçilik eder.

Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) dolandyryjysy Harald Springfildiň ýolbaşçylygynda 9 sany tälimçi bu maksatnama gözegçilik eder.

Maksatnama gatnaşmak üçin Owganystanyň, Bahreýniň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Kuweýtiň, Liwanyň, Malaýziýanyň, Mongoliýanyň, Omanyň, Pakistanyň, HHR-nyň, Singapuryň,Taýlandyň, Türkmenistanyň, BAE-niň we beýleki ýurtlaryň milli olimpiýa komitetleri hasaba alyndy.

OCA- ozal hem birnäçe gezek sportyň beýleki görnüşleri boýunça ýaşlar lagerini geçirdi, emma sportyň gyşky görnüşi esasan hem hokkeý görnüşi boýunça birinji gezek guraýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok