“Ýigit” hojalyk jemgyýeti “GreenTech Amsterdam” sergisine gatnaşdy

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Niderlandlar Patyşalygynyň Amsterdam şäherinde geçirilýän “GreenTech Amsterdam” sergisine gatnaşdy.

“GreenTech Amsterdam” halkara sergisi her ýyl geçirlip, dünýäde oba hojalyk pudagynda öndürilýän önümleri tanyşdyrmaklygy hem-de olaryň hili boýunça işewürler bilen gepleşikleri geçirmegi maksat edinýär. Ýeri gelende bellesek, oba hojalyk sergisine 128 döwletden wekiller gatnaşdy. Bu sergä gatnaşyjylaryň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 7 göterim artandygyny bellemek bolar. Öňümizdäki ýylyň görkezijilerine laýyklykda, sergä gatnaşan, ýyladyşhana, oba hojalyk tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýänleriň sany 11500-e ýetdi.

Belläp geçsek, häzirki wagtda “Ýigit” hojalyk jemgyýeti 70 gektar meýdanda ýyladyşhana toplumyny dolandyrýar. Bu möwsümde bolsa, ýyladyşhana ulgamynyň meýdanyny ýene-de 20 gektar giňeltmegi meýilleşdirýändigi nygtaldy.

Ýyladyşhana toplumynda pomidorlaryň durnukly hem-de lezzetli sortlary ýetişdirilýär. Önümleriň 90 göterimini Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa, Belarus, BAE, Täjigistan we Owganystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Aýratyn hem, hojalyk jemgyýetiniň bu bazarlara çykmaklyk üçin ýurdumyzda ilkinji bolup “Global G.A.P” şahadatnamasyna eýe bolandygyny-da belläp geçmek zerurdyr.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok