Ýekşenbäniň iňlis dilindäki duşuşygy — Chatterbox

Her hepdäniň ýekşenbe gününde Breeze diýlip tanalýan pedagog we wokalist Döwlet Rejepowyň iňlis dilinde gurnamagyndaky «Chatterbox» duşuşygyna bu gezek öňkilerden gatnaşyjylar has-da köp ýygnandy.

Duşuşyk ýeri Aşgabat şäherinde ýerleşýän Luiziana kafesi. Duşuşykda bu gezek jemgyýet bilen bagly wakalar iňlis dilinde beýan etdiler. Iňlis dilinde sorag-jogap alşylyp, dürli oýunlar oýnaldy.

Gatnaşyjylar iňlis dilinde sözleýiş ukybyna, iňlis dilinde gatnaşyk gurmaga täze dostlar bilen tanyşmaga ýygnanýarlar.

Işjeň gatnaşan «Chatterbox» üçin gatnaşyjalar aýratynlykda ses berdiler. Iň köp ses gazanan «Chatterbox» ýeňiji hökmünde hemaýatkärleriň sowgady bilen sylaglandy.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylaryň ählisiniň gatnaşmagynda iňlis dilinde aýdymlara karaoke aýdyldy.

Giriş bilet arkaly. Ýerler çäkli.

Güni/Wagty: Ýekşenbe günleri, sagat 15:00

Ýeri: Luiziana kafesi

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgi:+99364539583
Instagram:
@chatterboxwithbreeze

Teswirler

Gulnar

Seyle dususyklar welayatlarda hem gurnalsa ajayyp bolardy