Türkmenistanyň küşt çempionatyna 100 sany mekdep okuwçysy gatnaşdy

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň küşt çempionatyna ýurduň ähli sebitlerinden ýüzden gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Çempionat Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we ýurduň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti tarapyndan gurnaldy. Ýaryş Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt mekdebinde geçirildi.

Çempionat iki ýaş kategoriýasynda geçirilip, 12 ýaşa çenli we 18 ýaş çenli kategoriýalar aralygyndaky toparlar ýaryşa gatnaşdy.

12 ýaşa çenli kategoriýada Türkmenabatyň 41-nji orta mekdebiniň topary ýeňiji boldy, Türkmenabatyň 26-njy mekdebiniň topary ikinji, Türkmenabatyň 2-nji orta mekdebiniň topary üçünji ýeri eýeledi.

18 ýaşa çenli kategoriýada Türkmenabatyň 41-nji orta mekdebiniň topary ýeňiş gazandy, Türkmenabatyň 27-nji orta mekdebiniň topary ikinji ýeri eýeledi, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 28-nji mekdebiniň topary üçünji ýeri eýeledi.

Nurýagdy HAÝTMURADOW,
Türkmen Döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok