“21-nji asyrda çaga terbiýesi” forumy geçirildi

Ýaňy ýakynda Änew şäherinde geçirilen pedagogik maslahatlarda “21-nji asyrda çaga terbiýesi” ady bilen forum geçirildi.

“Gujurly” bilim merkeziniň Änew şahamçasynda “21-nji asyrda çaga terbiýesi” ady bilen geçirilen bu forumda Kakajan Agajykow, Sylap Ataýew, Merdan Amanýazow, Merdan Şadurdyýew ýaly tejribeli mugallymlar dürli temalar boyunça çykyş edip, foruma gatnaşan ene-atalar bilen özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Belläp geçsek, bu forum Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok