«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikdäki  zähmet çekýän sürüjileriň gatnaşmaklarynda  «Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginde ilata edilýän medeniýetli awtoulag hyzmatyny ýokarlandyrmakdaky  alnyp barylýan işleri göz öňüne tutup sürüjileriň işe bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen  «Awtoulag hyzmaty durmuşyň aýrylmaz bölegidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi gurnaldy.

Bu geçirilen wagyz-nesihat çäresine «Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň  işçi-hünärmenleri, sürüjiler bilen birlikde, Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Artyk Öwezow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Aýnur Sazakowa, «Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň Hereket howpsuzlyk we zähmeti goramak bölüminiň  başlygy Kadyr Rahmedow, «Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Bahadur Kozyýew dagylar gatnaşdylar.

Önümçilikde zähmet çekýänler hakynda çynlakaý alada bolsa, guwançly görkezijileriň gazanylmagyna getirýär. Biz hem Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna gije-gündiziň dowamynda medeniýetli awtobus, taksi hyzmatlaryny bellenen tertip boýunça iş alyp barýan, päk zähmetiň gaýnap joşýan ýerinde, ýagny, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň her bir hünärmeniň arman-ýadaman zähmet çekýändiklerini bu ýerde bolanymyzda aňryýany bilen göz ýetirdik. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň iň öňdebaryjy awtomobil öndürýän kompaniýalarynyň ýokary hilli önümleri bolan ýolagçylar üçin ähli amatly şertleri özünde jemleýän täze awtobuslarydyr, taksylary ussat sürüjiler tarapyndan dolandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatlarynyň gözbaşynda Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, raýatlarymyzyň   ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aladalarynyň durandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz zähmetkeşleriň esasy tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirip  päk ýürek bilen zähmet çekmek esasy wezipämiz bolup durýar — diýip, Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Artyk Öwezow gürrüň berdi.

Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan awtoulag sürüjileri hakda degerli işler geçirilip, bu alada olar üçin amatly iş we durmuş şertleriniň döredilmeginde jemlenýär. Önümçilikde berk düzgün-tertibiň, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmaklyga-da ýeterlik üns berýäris. Degişli hünärmenler bilen ýokarda ýatlanan talaplaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirip, okuw-maslahatlary geçirip durýarys. Önümçilikde öňdebaryjylarymyzy höweslendirmegem işiň öňe gitmegine ýardam edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň belent sepgitlere beslenmegine mynasyp goşandymyzy goşýarys—diýip, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Aýnur Sazakowa öz çykyşynda gürrüň berdi.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň
mehanigi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok