Golaýda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Times Higher Education» guramasynyň Täsir etmegiň reýtingine girizildi.
Reýtinge gatnaşmak üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan döredilen maglumatlary girizmegiň portalynyň üsti bilen resminamalaryň iberilmegi amala aşyryldy. Institut sanawda görkezilen Durnukly ösüş maksatlary – SDG 3 (Saglyk we abadançylyk), SDG 4 (Ýokary hilli bilim), SDG 6 (Arassa suw we arassaçylyk), SDG 17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) boýunça gatnaşdy.
2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda iberilen resminamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň seljermesi geçirildi hem-de netijeler 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda yglan edildi.
«Times Higher Education» guramasy ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen öňdebaryjy gurama hasaplanylýar. Hakykatda, bu gurama iki bütindünýä reýtingi ̶ Bütindünýä uniwersitetleriň reýtingi (World University Ranking) hem-de Täsir etmegiň reýtingi (The Impact Ranking) bilen Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde binýatlanýan adybelli, abraýly we garaşsyz Bütindünýä reýting guramasy hasaplanylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Ýokary görkezijilere ymtylýan we THE «Impact Rankings-2023» dünýä reýtingine giren ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýurdumyzyň sekiz ýokary okuw mekdebi ynamly orun aldy. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty we Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.
Mämmetoraz NURYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler