Gujurly bilim merkeziniň täze bölümçesi açyldy

Ýaňy ýakynda Änew şäherinde Gujurly bilim merkeziniň täze bölümçesi açyldy.

Şu pursatda belläp geçsek, Gujurly bilim merkezi öz edarasynda Ilkinji Ýaşlar Guramasynyň bölümçesini açan ilkinji okuw merkezi boldy.

 Täze bölümçede aýdym-saz, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi.

Geçirilen şüweleňiň dowamynda Gujurly bilim merkezine bitiren işleri üçin, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat beriş bölümi şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan türkmen milli halysy ýadygärlik sowgat berildi we degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Açylyş dabarasy mynasybetli bölümçäniň ýerleşýän ýerinde toý sadakasy berildi.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.  

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok