Ylym-bilim — iň gymmatly hazyna

Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär. Ylym we bilim ulgamynyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda yzygider işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, bilim ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi daşary ýurtly hem-de türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň täze ugurlaryny gün tertibine çykarýar. Aslynda ylym ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Çünki ylmy barlaglaryň, garaýyşlaryň netijesinde işler ýola goýulýar, ösüş gazanylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli geçirilýän ylmy maslahatlarda edilýän çykyşlar öňdebaryjy işläp taýýarlamalary dürli ulgamlara — energetikadan başlap, ekologiýa çenli ähli ugurlara ornaşdyrmagyň usulyýet we amaly meselelerine bagyşlanylýar. Mugallymlaryň, ylym işgärleriniň çykyşlarynda nano-himiýa, kompýuter tehnologiýalary, täze serişdeleri işläp taýýarlamak, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa ulgamy, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly wajyp ugurlar boýunça gymmatly pikirler öňe sürülýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň geljegi nazarlaýan özgertmeler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi wajyp orny eýeleýär. Şonuň netijesinde dürli pudaklarda ulanylýan tehnikalar we tehnologiýalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar ýurdumyzyň önümçiligine güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Ylmyň we tehnikanyň ösen şertlerinde dünýäniň uly ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary yzygiderli tejribe alyşýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda ylmy-barlag işleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk guramakda uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň paýtagty halkara ylmy seminarlaryň, konferensiýalaryň, maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Daşary ýurtly hünärmenler Türkmenistanda bilim bermegiň öňdebaryjy usullarynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, mugallymçylyk iş tejribeleri bilen içgin gyzyklanýarlar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, olara dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň elýeter bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi aýratyn guwandyryjydyr.

Aýlar ANNABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok