Golaýda ýagny, 22-26-njy maý aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň halkara festiwaly geçirildi. Oňa Özbegistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň talyplary bilen bir hatarda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Festiwalda türkmen talyplary ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiň edebi esasy boýunça sahnalaşdyrylan «Oguz rowaýaty» atly spektakly görkezdiler. Spektakl festiwala gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary halkara teatr festiwalynyň kubogy we Diplomy bilen sylaglanyldy. Spektaklda baş gahrymanyň keşbini janlandyran Ybraýym Durdyýewe festiwalyň «Iň gowy kömekçi erkek keşbi» ugry boýunça baýragy gowşuryldy.
Teswirler