Festiwalyň gahrymanlary meýletinçiler boldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda “Mahabat-üstünligiň açary” atly döredijilik festiwaly geçirildi.

Festiwalyň guramaçylygynda aýratyn ünsi özlerine çeken Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat beriş bölüminiň agzalary, ýagny festiwalyň meýletinçileri boldy. Dürli orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylaryndan, talyplaryndan hem-de uçurymlaryndan ybarat meýletinçiler topary çäräniň ähli nokatlarynda myhmanlara hyzmat berdiler. Olar şol festiwalyň şowhunly geçmegi üçin irginsiz zähmet çekdiler. Käbirleri hasaba alyş nokadynda gelen myhmanlary hasaba alan bolsa, käbirleri myhmanlary gitjek ýerlerine çenli ugrukdyrdylar. Şeýle hem meýletinçiler gelen myhmanlara çaý we kofe hödürläp, olara hyzmat etdiler. Ýolbeletlik etmekde, hat-da lukmançylyk kömegini bermekde-de ýakyndan ýardam berdiler. Olaryň her biri özlerine tabşyrylan wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edip, festiwalyň ýokary derejede geçmegine işjeň goşant goşdular.

Festiwala Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi myhmandarlyk etdi.

Festiwalyň geçirlişi barada meýletinçiler toparynyň toparbaşysy Yhlas Bekjanow şeýle gürrüň berdi:
“Festiwal başlan pursadyndan jogapkärçiligi duýup, biz özümizi esger ýaly alyp bardyk. Düzgün-tertibi sazlaşykly saklap, ýokary derejede hyzmat etmek üçin elimizden gelenini etdik. Topardaky agzalarymyzyň her biri öz işini höwes bilen ýerine ýetirdi. Ýaşlaryň ünsüni özüne çekýän şeýle festiwallaryň gurnalmagyna ýardam etmäge toparym bilen doly derejede taýýar!”

Festiwalyň çäklerinde konsert we sergi-ýarmarkasy geçirildi.

Şol sanda ýokary bilim ojaklarynyň we telekeçileriň sergi nokatlary guraldy.

Bäsleşigiň netijeleri yglan edildi we ýeňijilere hemaýatkärler tarapyndan gymmat bahaly, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de ýaşlaryň döredijilik zehinleri esasynda taýýarlan mahabatlary ekranlarda görkezildi.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok