TOHI-da “Talyp Joşgun-2023” festiwal çäresi geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen bu döredijilikli festiwal çäresinde Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýän, aýdymlary, milli nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyşlar, aýdyşyk aýdymy türkmen halk aýdymy, halk döredijiliginiň eserlerinden ýerine ýetirilen parçalar, çeper okaýyş ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda “Talyp Joşgun-2023” atly festiwal çäresinde talyp ýaşlaryň çykyşlary, oňa gatnaşyjylarda uly höwes döretdi we elçarpmalary bilen mähirli beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda festiwal çäresine gatnaşyjylara hormat haty bilen sowgat sylaglanyldy.

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok