Köňülleriň we döwürleriň şahyry

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran beýik işleri, taýsyz tagallasy, çuňňur paýhasa esaslanýan taryhy çözgütleri netijesinde türkmeniň ruhy jebisliginiň, bitewüliginiň mukaddes arzuwyny gursagynda göteren beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty, şygryýet dünýäsi, umumadamzat derejesindäki çuňňur pelsepesi has belent derejä göterilip, onuň deňsiz-taýsyz şygyrlary dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edildi.

Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Şahyryň şygyrlaryny okanymyzda, onuň öz döredijiliginde türkmen halkynyň agzybirligini berkitmegi, özbaşdak döwlet gurmagyny gazanmagy, adam mertebesini belent derejä götermegi inçelik bilen beýan edendigini anyk göz ýetirýäris. Şahyryň çuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edilmegi daşary ýurtly okyjylaryň, edebiýaty söýüjileriň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bolan hormatyny, tutuş adamzat aňyýetiniň kämilleşmegini nazarlaýan eserlerini öwrenmäge bolan isleg-hyjuwyny barha joşdurdy, beýik akyldaryň edebi mirasy we filosofik dünýägaraýşy bilen ýakyndan tanyşmagyna giň mümkinçilik açdy.

Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini öz içine alýan medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy, beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesini ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak ugrunda tagalla edilmegi aýratyn begendirýän ýagdaýlardyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bimöçber sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ulus-ilimiziň hoşallygy çäksizdir.

Aýbölek KÖRHANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok