Janym, tenim, jigerim jennet şäher — Aşgabat!

Bagtyýar halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda özüniň sogaply ýörelgeleri bilen tanalyp gelýär. Türkmeniň guran beýik binalaryny, depesi göge ýetýän ymaratlaryny synlanyňda, pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň alyslara uzaýandygyna aýdyňlygy bilen göz ýetirýärsiň. Pederlerimizden ebedi miras galan gadymy senet bu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde sungat derejesine ýetirildi.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we ak şäherimiz Aşgabatda bina edilen depesi tylla gümmezli köşgi-eýwanlar, başy bulutlary guçýan belent ymaratlar, köp gatly has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, türkmen myhmansöýerliginiň nusgasyna öwrüldi. Öwşün atýan owadan myhmanhanalar, göwünlerimiziň joşgunyna, kalbymyzyň perwazyna meňzäp asmana atylýan biri-birinden täsin suw çüwdürimler toplumlary, gözel Diýarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän, ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýan ýollar, baş şäherimizden gözbaş alyp, ülkämiziň çar künjüne, şeýle-de daşary ýurtlara uzap gidýän demir ýollar hem tassyklaýar.

Pederlerimiziň «Döwletli ile toýlar goşa-goşadan geler» diýşi ýaly, beýik ösüşlere beslenýän döwrümiz aýdymdyr mukama, beýik sepgitlere, taryhy ähmiýetli wakalara örän baýdyr. Dostluk mekanymyz — Aşgabadyň ajaýyp güllere beslenip oturan gündizleri, müň dürli öwşün atýan owadan gijeleri ynsanlaryň kalbyny gözellige besleýär. Halkymyzyň kalby ýaly owadan şäherlerimiz hem obalarymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Halkyň we Watanyň bähbidi üçin edilýän işler üstünlige hem şan-şöhrata ýetirýär.

Goý, berkarar Diýarymyzy, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşleriň, gözelligiň, döretmegiň we gurmagyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýlar AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok