Bagtyýarlyk mekany

Gojaman Köpetdagyň eteginde Günüň tyllaýy şuglasy bilen bäsleşýän ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligi dünýäni haýrana goýýar. Günsaýyn özgerip, gün-günden sany köpelýän ak mermerden binalaryny görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek, ýaşaýyş jaýlarynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gurulmagyny gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hut şonuň esasynda hem ak şäherimiz Aşgabatdaky beýik binalar, täzeden-täze ýaşaýyş toplumlary, jemgyýetçilik hyzmatlary üçin desgalar, dynç alyş, seýilgäh zolaklary gözellikde biri-birleri bilen sazlaşykly utgaşýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat söýginiň, mähir-muhabbetiň, tämizligiň, kämilligiň, dost-doganlygyň şäherine öwrüldi. Mermer şäherimiz Aşgabadyň günsaýyn görke gelýän binagärlik keşbi ýurdumyzyň ykdysady derejesiniň hem ýokarydygyndan habar berýär. Sanlyja ýylyň içinde gurlan, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýaşaýyş üçin oňaýly şertler bilen üpjün edilýän binalaryň sany sanardan kändir.

Paýtagtymyz Aşgabat gözelligiň, bagtyýarlygyň, ösüşleriň, dostlugyň şäheridir. Ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýan täsin desgalaryň, seýilgähleriň, gözellige beslenen tokaý zolaklarynyň daşary ýurtlardan gelýän myhmanlarda aýratyn täsir galdyrýandygyny bellemek has hem ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, yhlasy netijesinde batly depginlerde ösýän Diýarymyzyň merjen paýtagty Aşgabadyň dünýäniň çar künjüne meşhurdygyna her bir türkmenistanlynyň buýsanjy uludyr.

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde eziz Diýarymyzy bagtyýar raýatlaryň mekanyna öwürmekde, ýurdumyzy ähli babatda gülledip ösdürmekde uly tagallalary edýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur.

Gülşat GURBANGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok