Ak arzuwlaryň amala aşýan şäheri

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyz köpsanly taryhy wakalary başdan geçiren döwletdir. Soňky sanlyja ýyllaryň dowamynda geçirilen düýpli özgertmeler, bitirilen beýik işler ýurdumyzy bütin dünýä tanatdy. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwrüň talaplaryna laýyk, ekologiýa taýdan arassa, ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini özünde jemleýän şähere öwrülip, halkymyzyň guwanjyny, buýsanjyny has-da artdyrýar.

Görkünden gözleriň ganmaýan Aşgabat — Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň mähir-yhlasyndan gözbaş alýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurulýan, ösýän bagt şäherimiz Aşgabat bu gün abadanlygyň, parahatlygyň, özara düşünişmegiň, ösüşiň we özgerişiň mekanyna öwrüldi. Päkligi bilen göwnüňi açýan, gözelligi bilen ýüregiňi joşa salýan, mähri bilen kalbyňa ylham paýlaýan paýtagtymyz türkmeniň çüwen ykbalynyň aýdyň şöhlelenmesidir.

Ak mermerden gurulýan ak şäherimiziň binagärlik aýratynlygynyň, sazlaşykly ösüşiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň äleme nusgalykdygyny beýan edýär. Gupba ýaly ak jaýlar, ak öýler aklygyň, päkligiň nyşanydyr.

Aşgabat — gurmagyň we döretmegiň gudraty! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ajap sungaty bolan Aşgabat — gözelligiň mekany, ajaýyplygyň mesgeni. Bu eşretleri näçe synlasaňam dideleriňe doýma ýok. Otaglarynyň ýerleşişi we giňligi, göreni haýrana goýýan täze jaýda eşretli ýaşaýyş üçin ähli şertler döredilen. Bu taryhy pursatlaryň gözli şaýady bolmagyň özi hem bagtyýarlykdan nyşandyr.

Isa ALLANAZAROW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok