Türkmenistanyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär!

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň şanly 142 ýyllygynyň toý joşgunyna utgaşýan bu dabaralar mekdep uçurymlarynyň durmuşynda ýakymly wakalara öwrüler.

Soňky jaňyň sesi batly ýaňlananyndan soň 11 ýyl ak mekdepde bilim alan okuwçylar durmuş atly kitabyň ilkinji gatlaryny açarlar. Olaryň her biri durmuşda öz ornuny tapyp, ata Watanymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly oglan-gyzlar bolup ýetişer.

Hawa, soňky jaň dabarasy uçurymlarda ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüler. Çünki, ol gün mähriban uçurymlar 11 ýyllap bir synpda bile okan synpdaşlary, bilim beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, özbaşdak durmuş ýoluna gadam basarlar. Ýatlama bolup galjak mekdep ýyllary bolsa, diňe surat albomlarynyň ýüzünde uçurymlaryň ýaşlygyndan pursatlar bolup müdimilik orun alar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok