Türkmenistanyň futbol ýygyndysy CAFA-2023-däki duşuşyklaryny Daşkent şäherinde geçirer

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyndaky duşuşyklaryny geçirjek şäheri we olaryň günleri belli boldy. Bu habary Asia TV Gyrgyzystanyň Futbol birleşigi habar berdi. “A” Toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşjak türkmen ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 11-nji iýun güni Täjigistanyň, ikinji duşuşygyny 14-nji iýun güni Özbegistanyň, üçünji duşuşygyny bolsa Omanyň ýygyndysy bilen geçirer. Ýaryşda Omanyň ýygyndysyndan başga wekiller CAFA-nyň öz agzalarydyr.

Aganiýaz ISLAMKULIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok