Eli hem dili süýji ynsan

Il arasynda Palawçy ady bilen tanalýan Annadurdy Orazdurdyýew – 1953-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Egrigüzer obasynda dogulýar. Ol ilki  oba mekdebinde sekiz ýyllyk bilim alýar, soňra Tejendäki oba hojalyk tehnikumynda okap,  suw gurluşygy boýunça hünärmen bolup ençeme ýyllar halal zähmet çekýär.

Annadurdy aga esasy işiniň daşyndan Mary welaýatynda ady belli, eli süýji aşpez höküminde hem giňden tanalýar we toýdur-baýramlarymyzy şu günki güne çenli dürli tagamlar bilen bezäp gelýär. Bilesigelijiligi we ýatkeşligi, kitaba bolan söýgüsi ony çagalyk ýyllaryndan başlap goşgy  ýazmaga ruhlandyryp, döredijilik we dilewarlyk ukybyny kämilleşdiripdir.

Onuň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň gülledip ösdürýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ata Watanymyzy onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, baky Bitaraplygyny, zähmetsöýer adamlaryny, türkmeniň gözel tebigatyny wasp edýän hem-de öwüt-nesihat temalaryndaky ençeme goşgulary ýerleşdirilen  ýygyndysy Mary welaýat çaphanasynda «Medet» ady bilen  aýratyn kitap bolup çapdan çykdy.

Annadurdy aga häzirki wagtda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Egrigüzer geňeşliginiň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşda.

«PYRAGY»

Ylmyň, paýhasyň, akylyň öýi,
Alla tarapyndyr bu zatlaň teýi,
Siz üçin öz halkyň toýlaýar toýy,
Goşgynyň, şygyryň piri Pyragy.

Garaşsyzlyk arzuw eden Watanyna,
Ahmyr eden, ejir çekip ötenine,
Tirsege gal, halk arzuwna ýetenine,
Biz üçin elmydam diri Pyragy.

Barha beýgelýändir şanyň, şöhratyň,
Arkadag galdyrýar ebedi adyň,
Saňa tagzym edýär ýakynyň ýadyň,
Türkmeniň namysy, ary Pyragy.

Şygyrlaň aýdylýar saýrak dillerde,
Sözleriň dermandyr ulus illerde,
Medet bize Garaşsyzlyk ýollarda,
Türkmeniň diliniň düri Pyragy.

Annadurdyň halypasy, piridir,
Şygyrlaň biz üçin derman däridir,
Akylyň gapysy, paýhasyň törüdir,
Bu Türkmeniň akyldary Pyragy.

«ZAMANY HEÝ»

Gül Watana guwanýarys, guwanmaga hakly biz,
Namys-arly, howandarly, hemmeden dokuzy düz,
Gije-gündiz waspyn etsem, taparyn men ýene söz,
Guwanýarlar dost doganlar, bütin dünýä bary heý.

Güler ýüzli, süýji sözli, myhman söýer illeri,
Alma-naryň ýerbe-ýerdir, derde derman ballary,
Bagta sary rowan bu gün Watanymyň ýollary,
Bu dünýäde jennet bolsa senem şolaň biri heý.

Akyl başly hem paýhasly, ýüzleri nuranadyr,
Öňden görer, özi weli, sözleri hem danadyr,
Ata ýurduň Gahrymany, ol merdi-merdanadyr,
Alla ýalkap nazar salan halkyň Arkadagy heý.

Türkmen üçin görnüp dur, asyrymyz altyndyr,
Hoş niýetli, düzüw pälli kişileri galkyndyr,
Annadurdy yhlas bilen halal ýaşan erkindir,
Halkyň Arkadag Serdarly bagtyýar zamany heý.

«BU EŞRETLI ZAMANADA»

Ene bilen Atany söý,
Ondan soňra Watany söý,
Pederiňi öteni söý,
Bu eşretli zamanada.

Inini söý, Agany söý,
Perzendi söý, çagany söý,
Arassa bol imany söý,
Bu eşretli zamanada.

Öz nikaly aýalyňy söý,
Arzuwyňy, hyýalyňy söý,
Hudaýy söý, jelaly söý,
Bu eşretli zamanada.

Hünäriňi, käriňi söý,
Seni söýýän baryňy söý,
Namysyňy, aryňy söý,
Bu eşretli zamanada.

Annadurdy özüňi söý,
Baharyňy, ýazyňy söý,
Halal iýýän duzuňy söý,
Bu eşretli zamanada.

«NEPDIR BU SÖZLER»

Ýagşy söz çykarar ýylany hinden,
Ýaman söz çykarar ynsany dinden,
Bu sözler galypdyr pederden, düýnden,
Bilene dermandyr, nepdir bu sözler.

Görene aldatmaz ol mekir tilki,
Patada gelişmez adama gülki,
Ot bassaň basyp gör özüňe ilki,
Bilene dermandyr, nepdir bu sözler.

Sadaka berseňiz gaýtar belany,
Başarsaň ynjytma ýatan ýylany,
Ile peýdaň degse hakyň halany,
Bilene dermandyr, nepdir bu sözler.

Ogryň bolmaz gelejegi, geçmişi,
Perzent çeker ataň bolsa etmişi,
Agzy ala iliň jem bolmaz başy,
Bilene dermandyr, nepdir bu sözler.

Annadurdy soralmasa gepleme,
Eşideniňi dogry diýip çaklama,
Ýüz görübem günäkäri aklama,
Bilene dermandyr, nepdir bu sözler.

«DURMUŞ ÝOLY»

Durmuş ýoly düýpsüz derýa,
Iki ugra alyp barýa.

Biri bolar akym ugry,
Şoňa gitseň bolar dogry.

Akymyň tersine gitseň,
Öz diýeniňi özüň etseň,

Bolar seniň halyň harap,
Durarsyň daşyňa garap.

Mydam bolar işiň pyrryk,
Düşersiň sen gaty arryk.

Ähli adam şol derýada,
Ýüzüp ýeter barça zada.

Ýüzübergin il deňinde,
Höziri bolar soňunda.

Ýüzýän wagtyň paýhasly bol,
Peder pendine gulak sal.

Ýüzseň ýüzgün çümmeginiň,
Ata sözün gömmeginiň.

Çümseň birden gark bolarsyň,
Hopugarsyň ýa ölersiň.

Annadurdy düşün söze,
Peder zat goýmandyr bize.

«GARRYLYGYŇ BIL GADYRYNY»

Nesip däldir ähli kişä,
Garrylygyň bil gadyryny.
Guwanyp sen nesil, hoşa,
Garrylygyň bil gadyryny.

Göreldesiň ýaşlarymyza,
Hakydasyň huşlarymyza,
Ölüm girse düýşleriňize,
Garrylygyň bil gadyryny.

Zeýrenmegin durmuşyňdan,
Aýaz bolsa-da gyşyňdan,
Aýrylmagyn başdaşyňdan,
Garrylygyň bil gadyryny.

Ölümiňi dilemede,
Diýip lebziň ýalamada,
Şeýtan gelse sylamada,
Garrylygyň bil gadyryny.

Çagalarňa iňirdeme,
Ýeke özüň hüňürdeme,
Şükür eýlegin her deme,
Garrylygyň bil gadyryny.

Annadurdy şükürdedir,
Gije-gündiz pikirdedir,
Gadyr bilmez çukurdadyr,
Garrylygyň bil gadyryny.

«MENÄ ÝENE ARZUWDA»

Arka atyp ýetmişi,
Ýatlap bu gün geçmişi,
Terk eýleýip etmişi,
Menä ýene arzuwda.

Gadam basyp segsene,
Mübärek ajap sene,
Höwes edip bu güne,
Menä ýene arzuwda.

Parasat akyl-huşa,
Saglyk içe hem daşa,
Guwanyp bu durmuşa,
Menä ýene arzuwda.

Watanym bar asuda,
Türkmen paýhasly, sada,
Bu gün ýetip myrada,
Menä ýene arzuwda.

Diläp hemmä uzak ýaş,
Ýene bolsun akyl-huş,
Dolup, daşyp göwnüm hoş,
Menä ýene arzuwda.

Agtyk, çowluk daşymda,
Çagalam öz gaşymda,
Bu gün ýetmiş ýaşymda,
Menä ýene arzuwda.

Annadurdy hoş bu gün,
Ömür garramaz göwün,
Durmuşymda ýok düwün,
Menä ýene arzuwda.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok