Aşgabat – gözelligiň hem bagtyýarlygyň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda eýe bolunýan her bir ösüşler, oňyn netijeler döwrümizi baky bagtyýarlyga besleýär. Bedew batly ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda ýurdumyzyň ýüregi, ak bagtyň şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi günsaýyn özgerýär. Merjen paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi, ekologik aýratynlyklary bu gün tutuş dünýä nusgalyk bolup, ol dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Aklyga hem päklige beslenen nurana günleri, saba säherleri jana melhem bolan gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi, onda gurulýan köpöwüşginli ymaratlaryň, ak mermerli binalaryň we dürli maksatly desgalaryň milli ruhumyza kybap derejede gurulmagy hem-de onuň döwrebap usullar bilen sazlaşmasy ajaýyplygy emele getirýär. Ak mermerli Aşgabadyň Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilmegi bolsa, külli türkmen halkynyň kalbynyň joşgunyna, ýüzüniň tuwagyna, milli buýsanjyna öwrüldi. Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde hem uly abraýdan peýdalanýar. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Gözelligiň, bagtyýarlygyň taýsyz nusgasy bolan Aşgabat  özüniň ajaýyp binalary, suw çüwdürimleri bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun alandyr. Şeýle belent dereje bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň bu gün tutuş dünýä nusgalyk şäherdigini äşgär edýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmeklik boýunça möhüm wezipeleriň ileri tutulýan ugurlary uly üstünlige beslenýär. Şähergurluşygy, binagärlik keşbi bilen nusgalyk bolan paýtagtymyzy ösdürmeklik hemişe üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işler, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyryny gurmak barada teklip edilýän taslamalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän binalar döwrebap tehnologiýalar we akylly enjamlar bilen ornaşdyrylýar. Şeýle aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagy bolsa halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär. Şeýle asylly işler bolsa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň şanyny, many-mazmunyny has-da artdyrýar. Goý, ata Watanymyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat mundan beýläk hem güllesin, baky bagtyýarlyga beslensin! Paýtagtymyz Aşgabadyň has-da gözelleşmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Tylla HALMURADOWA,

Türkmen Döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Bedenterbiýe
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok