Durmuşymyzyň gözbaşy ylym we bilim

Türkmen halky bilime, ylma, okamaga, öwrenmäge uly sarpa goýýar. Pederlerimiz ýaş nesliň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin aýratyn aladalanypdyrlar. Häzirki bilimiň, ylmyň, tehnologiýalaryň ösýän döwründe okamak, öwrenmek, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gadam basmak esasy talaplaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähriban halkymyzy, eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirip, jemgyýetiň gülläp ösmeginde bilimiň we ylmyň ornuny ilkinji hatarda goýdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine hem jogapkärli çemeleşilmelidigini belleýär. Bu ugurda ýurdumyzda görnetin öňegidişlikler gazanylýar.

Bagtly geljegiň binýadyny goýýan, bilimler ýolundan buýsançly öňe barýan türkmen ýaşlary abraýly halkara bilim, sport, döredijilik, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryny ylymly-bilimli, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek baradaky durmuşa geçirýän beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Milli bilim ulgamynda ajaýyp özgertmeleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Tawus DURDYMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok