Bitarap döwletde bagtyýar ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olara watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýöredilýär. Şeýle işleri ýerine ýetirmekde bagtyýar ýaşlarymyzyň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olara ähli babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Milli ýörelgelerimize ygrarly, ylymly, bilimli nesiller röwşen geljegimiziň ygtybarly daýanjy bolup durýar. Şonuň üçinem Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, milli ruhda terbiýelenmegini, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda zerur şertler döredilip, bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ol işler ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi kemala getirmekden gözbaş alýar.

Ýaşlar geljegi gurýar. Olar döwletiň kuwwaty hasaplanýar. Ýurdumyzda bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesillerine Watanymyzyň ýagty ertirlerini gurjak ynsanlar hökmünde garalýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimizde türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, ussat hünärmenler, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygy doly üpjün edilýär.

Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin hem ähli oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmeklige uly üns berilýändigini görkezýär.

Türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn kämil ösmegi, ylymly-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç alsyn!

Zübeýda AÝIDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok