Bilim täzeligiň we döredijiligiň çeşmesidir!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda bilim ulgamynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ýurdumyzda bilim ojaklarynda ýaşlaryň göwnejaý bilim almagy üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. Bu bolsa, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, döwür bilen aýakdaş gitmegine uly mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde bilim ulgamynda ösüş-özgerişler gazanylýar. Şeýle ajaýyp döwürde ylym-bilim almaga, okamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge ähli mümkinçilikler bar. Döwletimiziň bilim kuwwatyny artdyrmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda ýurdumyzda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bilim täzeligiň we döredijiligiň çeşmesidir. Täzelige we döredijilige ukyply ýaşlar Watany ösdürmek, ösüşlerimizi, özgerişlerimizi dünýä ýaýmak işine ähli başarnyklaryny bagyşlaýarlar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we toplumlaýyn kämilleşdirmek ugrunda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýeti aň-düşünje taýdan kämilleşdirmekdir.

Biz — talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Oguljennet RAHMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok