Ýaşlar — ýurduň geljegi

Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýagty ertirlere bolan ynamymyz. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Olara döwrebap derejede bilim almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş raýatlarymyzyň doly derejeli hukuk we durmuş goraglylygy üpjün edilip, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, degişli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýmek bilen, türkmen ýaşlarynyň dünýä ösüşleri bilen aýakdaş gitmelidigini, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär. Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we bildirilýän ynama mynasyp bolmak türkmen ýaşlarynyň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir.

Uzukjemal ÝALKAPBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok