Ilatyň saglygyny goramak ugrunda sportuň ösdürilişi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek hakyndaky aladalar jemgyýetçilik durmuşynda adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu asylly ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda ilatyň sagdynlygyny üpjün etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek oňyn mümkinçilikleriň, öňdebaryjy tejribäniň üsti bilen amal edilýär. Ilatyň bedenterbiýe hem-de sort bilen köpçülikleýin meşgullanmagy, berk bedenli ýaş nesilleriň terbiýelenmegi we ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanmagy üçin zerur şertler üpjün edilýär. Şu maksat bilen amala aşyrylýan çäreler Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda baş baýlyk hasaplanylýan ilatynyň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär. Häzirki zaman tehnologiýalaryny, täze ylmy açyşlary, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky başlangyçlar oňyn häsiýete eýe bolýar. Gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgalarynyň, sport merkezleriniň döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iri desgalaryň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki işinde milli tejribede işjeň peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär. Bu gymmatly gollanma biz üçin gymmatly baýlykdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna bejerişiň täze usullary, tehnologiýalary we kämil enjamlar ornaşdyrylýar. Döwrebap ylmy-kliniki merkezler, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilen bejeriş-öňüni alyş edaralary, döwrebap sport öýleri, stadionlar yzygiderli gurulýar. Jemgyýetimizde saglyk durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde çemeleşmegiň nusgasyny görkezmek bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty höweslendirmek we ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-sagaldyş düzümleriniň kämilleşdirmek meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, tebigy-dikeldiş we taryhy-medeni desgalaryň giň toplumy syýahatçylygy söýýänler üçin hemişe açykdyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, döwrebap şypahanalar, Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň, Gadymy Merwiň meşhur ýadygärlikleri, şeýle hem ýurdumyzdaky beýleki künjekler ilatyň iň bir gelim-gidimli ýerleridir. Şeýle işleriň esasy maksady ýurdumyzda durnukly we netijeli şertleri döretmegiň usullaryny kämilleşdirmek, türkmen halkynyň tebigy we taryhy-medeni mirasyna ünsi çekmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, bu geçirilýän çäreler hem-de möhüm ugurlar mähriban halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, saglygyny berkitmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň bu ulgamy ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň depginlerini çaltlandyrmagyň belent başlangyçlary Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna girmegine giň ýol açýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok