22-nji maýda ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen «Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi — nusgawy edebiýatyň paýhas ummany» atly edebi-döredijilik maslahaty örän täsirli boldy. Oňa magtymgulyşynaslar, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahaty institutyň talyby Kuwwatgeldi Çaryýew alyp bardy.
Edebi-döredijilik maslahaty «Türkmenistanyň daşary ýurt dillerini okamagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasnyň», «Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Meýilnamalaryna laýyklykda geçirildi.
Maslahatyň barşynda magtymgulyşynaslar çykyş edip, olar öz çykyşlarynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligi, pähim-paýhasa ýugrulan, nakyla öwrülen şygyrlarynyň many-mazmuny, ussadyň dünýä derejesindäki hormat-sarpasy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatyň dowamynda institutyň talyplary Magtymgulynyň dürli dillere terjime edilip, ýüreklerde baky orun alan şygyrlaryny uly joşgun hem-de ussatlyk bilen okadylar. Institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň taýýarlan çykyşlary maslahata gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady.
Serdarnazar ŞÖHRATNAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler