Alkyşlarymyz çäksizdir

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025–nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň kabul edilmegi, edilmeli işleriň meýilnamasynyň düzülmegi ýaşlar üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Bu döwlet syýasaty ýaşlar üçin uly goldaw bolup, geljekde ýaşlara bilim almaga, halal, erkin zähmet çekmäge, öz hukuklaryny goramaga uly itergi bolar. Türkmenistan ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly giren Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.

Ýaş nesliň wekilleri hem Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň özleri barada edýän bimöçber aladalaryna jogap edip, Garaşsyz Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman okaýarlar, zähmet çekýärler. Şu günki gün biz — talyp ýaşlar özümize döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän okuw jaýlarynda bilim alýarys. Geljekde hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Pursatdan peýdalanyp, mähriban Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, başynyň dik bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Leýli BEKPOLADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok