Bitaraplygyň dostlary toparynyň täze agzalary

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklary ulgamynda hopwsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hut Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna ýene-de üç agza döwlet: Burkino-Faso, Siriýa Arap Respublikasy we Uganda goşuldy.

Bitaraplygyň dostlary topary 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin döredildi. Bu köptaraply dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Toparyň agzalarynyň sanynyň artmagy bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we özara ynamy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýardamlaryny has-da güýçlendirer.

Arslan RAHYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok