Beýik türkmen akyldaryna hormat

Gahryman Arkadagymyz: «Dünýä türkmenleri bilen dostluk-doganlygy, medeni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek Türkmenistanyň hoşniýetli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde hemişe berkidiler» diýip, nygtap geçýär. Şu babatda duldegşir goňşymyz Eýranda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem uly ähmiýet berilýär.

Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy Eýranda, Gürgen derýasynyň boýunda ýerleşen Hajygowşan obasynda eneden bolýar. ХVIII — ХХ asyrlarda ýaşan başga-da birnäçe nusgawy türkmen şahyrlarymyzyň durmuşy hem Eýran bilen ýakyndan baglanyşykly bolupdyr: Magtymgulynyň ýegeni Gurbandurdy Zelili Gürgen medresesinde okan. Mahmyt Gaýyby bilen Misgingylyç Gürgen sebitlerinde ýaşapdyr. Şonuň ýaly-da şahyr Abdylla Şabende Eýranda bolupdyr. Bu maglumatlar iki goňşy döwletiň medeni, ylym, bilim ulgamdaky gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

Eýranly kowumdaşlarymyz türkmen halkynyň medeni mirasyny içgin öwrenýärler. Munuň şeýledigine Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň, «Ýusup-Ahmet», «Zeýnelarap» ýaly dessanlaryň we başga-da birnäçe nusgawy eserlerimiziň çap edilmegi şaýatlyk edýär.

Türkmensähraly türkmenler milli baýramçylyklaryny uly dabara bilen belleýärler. Eýranda geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri türkmen dilinde radiogepleşikler berilýär. Tähran telewideniýesinde we radiosynda türkmen bagşylary çykyş edýärler. Türkmen teatrynda «Magtymguly» spektakly goýulýar. Türkmen dilinde gazetler we žurnallar neşir edilýär. Bu ýurtda 1992-nji ýyldan başlap «Durmuş» (öňki ady «Ak ýol») žurnaly, 1998-1999-njy ýyllardan «Sähra», «Ýaprak», «Pyragy», «Eýran Gülüstan», «Subhan» ýaly gazet-žurnallar çap edilýär.

Eýranda Magtymguly Pyraga aýratyn uly hormat goýulýar. Iki goňşy döwletiň tagallalary bilen beýik türkmen akyldarlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Türkmensähranyň Aktokaý diýen ýerinde ýerleşýän guburlaryna ýadygärlik galdyryldy.

Hanbeg HUDAÝKULYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok