«Akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär!

«Döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binagärlige siňen hakyky nurana keşbidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň, milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Arkadag şäheri öz häzirki zaman şähergurluşyk düzümi, «akylly» şäher konsepsiýasy — gerimi, tutumy, täzeçilligi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň, edara binalarynyň her biri öz binagärlik aýratynlyklary, bezeg serişdeleri bilen bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dünýäniň iň gowy tejribeleri işjeň ulanylýar. Bu, umuman, ýurdumyzda alnyp barylýan ähli gurluşyklara bildirilýän möhüm talapdyr. Ýöne, ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, Arkadag şäheri owalbaşda innowasion gurluşyk taslamasy bolansoň, oňa bildirilýän talaplar hem aýratyn ýokary: ol milli we häzirki zaman binagärlik ýörelgeleriniň ajaýyp nusgalaryny, şeýle hem ylymda we tehnologiýada gazanylan iň täze üstünlikleri özünde jemlemelidir. «Ähli işde ýokary hil derejesi bolmaly» diýen düşünje, ilkinji nobatda, Arkadag şäherine mahsus ýörelgedir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr. Onuň binýadynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň milli binagärlik ýörelgeleri bar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde täze şäheriň gurulmagy bilen, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlary hem ebedileşdirildi. Arkadag şäheri şäher gurluşygynda kämil türkmen nusgasy, berkarar döwletimiziň binagärlik sungatynyň ýalkymy bolmak bilen, onda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten belent derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapar.

Maral SERDAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok