Ak günlere ýoluň rowan, Aşgabat!

Ýer ýüzünde parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýän gözel paýtagtymyz Aşgabat Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhy ösüşleri başdan geçirýär. Gözümiziň alnynda döreýän täze, döwrebap şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň dürdänesine, dünýäniň esasy syýasy merkezleriniň birine öwrülýär.

Häzirki wagtda bagtyýar türkmen halky Aşgabat şäheriniň gününi giňden belläp geçmegiň öňüsyrasynda dur. Aşgabat çalt depginde ösýän şäher bolup, onuň binagärlik keşbinde Watanymyzyň ösüşleri, döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň duýulýar. Şoňa görä-de, ak mermere beslenen şäherimize buýsanýarys, oňa bolan söýgimiz tükeniksizdir.

Merjen şäherimiz Aşgabadyň döwrebap binalary bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. «Garaşsyzlyk», «Bitaraplyk», «Ak şäherim Aşgabat» seýilgähleri ildeşlerimiziň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Bagy-bossanlyga beslenen seýilgählerde gezelenç edeniňde, Watanymyzyň Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna, gözel Aşgabadymyza buýsanjyň artýar.

Goý, ajaýyp döwrümizde barha ösüp, gül açýan eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýa ulaşsyn, asmanymyz hemişe asuda bolsun, halkymyz baky bagtyýarlykda ýaşasyn!

Maksat KULIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok