25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni

Taryhy çeşmelere laýyklykda, paýtagt şäherimiz Aşgabat 1881-nji ýylda şol wagtky Aşgabat diýen obanyň ýerine harby berkitme hökmünde gurlup başlanýar. Goňşy obanyň we gadymy Aşgabat galasynyň ady bilen bu harby berkitme hem Aşgabat diýlip atlandyrylypdyr. 1882-nji ýylda resmi iş kagyzlarynda ilkinji gezek «Aşgabat şäheri» diýen at peýda bolýar. Özüniň 142 ýyllyk taryhynyň gözbaşynda bary-ýogy 800 öýli ilaty, ýoda ýalyjak köçeleri bolan şäher tiz ösýär. 1885-nji ýylda Aşgabat — Kaspi, 1899-njy ýylda Aşgabat — Daşkent demir ýollarynyň gurulmagy Aşgabat şäheriniň ösmegine uly ýardam edýär. Aşgabadyň örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi onuň goňşy ýurtlar bilen ykdysady we söwda aragatnaşyklarynyň çalt ösmegine getirýär. Aşgabatda «Zakaspiýskoýe obozreniýe» we «Ashabad» diýen gazetler rus dilinde çap edilýär. Bu şäher ülkäniň barha ösýän jemgyýetçilik pikiriniň merkezine öwrülýär.

2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi belläp geçmek hakynda Permana gol çekdi. Şondan bäri hem Aşgabadyň güni her ýyl uly baýramçylyk dabarasyna beslenýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 142 ýyllygy bellenilýär. Häzirki döwürde parahatçylygyň merkezine öwrülen Aşgabadyň bu günki keşbini görmäge göz, beýan etmäge söz azlyk edýär diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün älem-jahanyň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyz ajaýyp ak mermere beslenýän beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen bu ýere myhman bolup gelenleri haýran galdyrýar. Milli Liderimiziň döredijilik zehininiň, sungat eseriniň nyşany bolan ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.

Mämmetoraz NURYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok