Ýeňijiler Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumyna gezelenç etdiler

Ýaňy ýakynda Nesil gazetiniñ redaksiýasy we Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de gündogaryñ beýik akyldary Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň arasynda hekaýa, goşgy ýazmak boýunça ” Berkarar döwletiň ylham joşguny” we ” Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz” atly ýaşlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz” atly bäsleşiginiň baş baýragyna Türkmenistanyñ Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri Gülälek Tangiýewa şeýle-de “Berkarar döwletiň ylham joşguny” atly bäsleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Annabeg Aýmakowa baş baýraga mynasyp boldy.

Ýeňijilere hormat hatlary şeýle-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy 13.05.2023 güni Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda bolup geçdi.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra bäsleşigiň ýeňijileri hem-de ýazyjy halypalar, ýaş žurnalistleriň ählisi bilelikde akyldar şahyrymyzyň ýaşan obasy Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumyna gezelenç etdiler.

Soňra Janahyr şäherçesiniň medeniýet öýünde halypalar bilen gurnalan edebiýat agşamy, ýaşlaryñ ýene bir gezek saýlap alan hünärine bolan söýgüsini artdyrdy.

Aýjeren GADAMOWA
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok