12 ýaşly we ondan kiçi ýetginjek tennisçiler bäsleşýärler

Häzirki wagtda ýurdumyzda 12 ýaşly we ondan kiçi ýetginjek tennisçi türgenleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty dowam edýär. Bäsleşik Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Aşgabat şäheriniň açyk çempionatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we Aşgabat şäherinden ýetginjek türgenleriň 100-e golaýy gatnaşýarlar.

Gazetde habar berilmegine görä, golaýda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde stol tennisi boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýetginjek türgenleriň altysy gatnaşdy, bu bolsa halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde tejribe gazanmaga ýardam berýär.

Hydyrguly SOPYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok