Saglyk — ruhubelentlige binýat

— Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň işini innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işler rowaçlyklara beslenýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny has işjeň amala aşyrmakda sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagyň ähmiýeti uludyr. Çünki sport sagdynlygyň gözbaşydyr, ruhubelent hem-de maksada okgunly bolmagyňa täsir edýän güýç-kuwwatdyr. Adamda asylly häsiýetleri terbiýeleýän sporty ösdürmek babatynda berkarar döwletimizde tutumly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sport, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi, sagdyn durmuş ýörelgeleri ilat arasynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, türkmen sportunyň dünýädäki abraýy has-da belende galýar.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzasy boldy. Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen häzirki wagta çenli 7  ugur boýunça hyzmatdaşlygyň dowamynda raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, birnäçe howply ýokanç keselleri doly aradan aýyrmakda we lukmançylyk ylmynda dünýäniň täze öňdebaryjy tejribeleriniň hem-de ugurlarynyň özleşdirilmeginde düýpli ösüşleri gazandy. Şeýle hem, döwletimiz bu gurama we guramanyň düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň esasynda netijeli çäreleri işläp taýýarlamak bilen, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Goý, mähriban halkymyzyň saglygy barada beýik işleri amala aşyrýan lukman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri has-da üstünliklere beslensin!

Maral ATAJANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok