Saýlawlar tamamlandy! Netijeler:

Saýlawlar hakyky bäsleşik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi.

26-njy martda ir säher bilen giň gerimde badalga alan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary sanly ulgam arkaly göni ýaýlyma çykdy. Saýlaw uçastoklaryň 240-synda işleriň gidişi enjamlaşdyrylan wideokameralar arkaly milli teleýaýlymlarda, internet sahypalarynda onlaýn görnüşde köpçülige ýetirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,12% ses berdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda jemi 12 müň 907 saýlawçy bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-a çenli 12 müň 300-den gowrak adam ses berdi. Synçylaryň baha bermeklerine görä, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan, işleýän hem-de bilim alýan ildeşlerimiz ähli saýlaw uçastoklarynda ýokary raýat işjeňligini we jogapkärçiligini görkezdiler.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,74%, Balkan welaýatynda 91,49%, Daşoguz welaýatynda 90,94%, Lebap welaýatynda 91,17%, Mary welaýatynda 90,87%, Aşgabat şäherinde 90,91% ses berdiler.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,10% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,74%, Balkan welaýatynda 91,49%, Daşoguz welaýatynda 90,94%, Lebap welaýatynda 91,17%, Mary welaýatynda 90,87%, Aşgabat şäherinde 90,78% ses berdiler.

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,20% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 91,74%, Balkan welaýatynda 91,71%, Daşoguz welaýatynda 90,85%, Lebap welaýatynda 91,32%, Mary welaýatynda 90,94% ses berdiler.

Türkmenistanda geçirilen milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlary üçin saýlaw uçastoklarynyň ýanynda raýatlarymyza söwda we beýleki hyzmatlary hödürleýän göçme nokatlaryň 270-e golaýy göwnejaý işi alyp bardy.

Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy G.Myradow ýurdumyzda geçirilýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä syn etmäge gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Russiýanyň parlament ýygnagynyň, Russiýa Federasiýasynyň merkezi saýlaw toparlarynyň, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň merkezi saýlaw toparynyň şeýle-de, Türki Döwletleriň, Yslam Hyzmatdaşlyk   we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok