Türkmenistan we Katar hyzmatdaşlygy ösdürýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatynyň işjeň häsiýetde alnyp barylmagy netijesinde öňe sürülýän we durmuşa geçirilýän milli, sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlar üstünliklere beslenýär. Bu babatda Katar döwleti bilen alnyp barylýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn bähbitli häsiýete eýe bolup durýar.

Türkmenistan bilen Katar daşary syýasat ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen oňyn Bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we sport ulgamy ýaly möhüm meseleler boýunça Kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi bolsa iki ýurduň umumadamzat ähmiýetli meselelere çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigini subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk hyzmatdaşlygyň baý tejribesini hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň netijeli gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Çemen BAÝRYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok