Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir manysy däl, eýsem, çeperçilik serişdeleri, dil baýlyklary hakynda hem bellemek gerek. Goşgularyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilýändigini edebiýatçy alymlaryň işlerinde görmek bolýar. Esasan hem bu goşgularyň halka täsirli bolmagynda türkmen diliniň söz baýlyklarynyň uly orny bar. Şahyr ene dilimiziň söz baýlyklaryny ýerlikli peýdalanyp, döredijiligi bilen baýlaşdyrypdyr. Şeýlelikde, pikirler, setirler sazlaşyp many-mazmun emele gelýär. Şeýle ussatlyk bilen Watanyň waspyny ýetirmegiň özi aýratyn ähmiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bize miras goýup giden goşgulary asyrlar geçse-de, barha öwüşgin alyp, kalplara röwşenlik çaýýar. Şahyryň baý many-mazmunly goşgulary watansöýüjiligi, belent ynsanperwerligi wasp edýär. Şonuň üçin hem bu goşgular adamzadyň aňynda müdimi ýer alyp ýaşamagyny dowam edýär.
Türkmen ýaşlaryna çuňňur bilim we asylly terbiýe bermekde şahyryň döredijiligi egsilmez hazynadyr. Magtymgulynyň goşgulary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup, many-mazmuny bilen kämillik ýoluna düşürýär. Ajaýyp setirlerde öňe sürülýän pikirler, paýhasly sözler durmuşda terbiýe ýoluny döredýär. Şonuň üçin hem şahyryň şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, oňa ruhy güýç berýär.
Hawa, Magtymgulynyň döredijiligi halkymyz üçin egsilmez hazyna, ruhy baýlyk. Ol ynsanlary terbiýelemekde hiç bir döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Döredijiligi bilen ynsan ruhuny baýlaşdyrýan Magtymguly Pyragy hakynda ýazylan ylmy işler hem, makalalar hem dilçi alymlaryň, edebiýatçylaryň ünsüni çekýär. Umuman aýdanymyzda, şahyryň döredijiligi bilen bir hatarda, edebiýat ylmynda alnyp barlan işleriň özi hem uly ähmiýete eýedir. Bularyň hemmesini öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek biziň her birimiziň asylly ýörelgämize öwrüldi.
Akyldar şahyryň arzuwlary ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Bu günki gün türkmen halky agzybirlikde beýik ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ajaýyp döwürde hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenýäris, ýaş nesillere wagyz edýäris. Munuň özi milli ýörelgeleriň rowaçlanmagyna, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge oňat täsir edýär.
Bahar ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler