Tejribelik bilen taplanýarys!

Mähriban Watanymyz dünýä we sebit bähbitli özgertmeler bilen ak ertirleri nazarlap, ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Diýarymyzda bilim bermegiň usulyýeti hem kämilleşdirilýär, ýaş nesli milli we dünýä tejribesiniň gazananlary esasynda terbiýelemekde oňyn netijelere eýe bolunýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy okuw-terbiýeçilik işleriniň hiliniň gowulandyrylmagyny üpjün edýär. Ähli bilim ojaklarynda häzirkizaman ösen tehnologiýalardan peýdalanmak işi göwnejaý ýola goýuldy.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berkitmek üçin kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçmegimiz üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi biz — ýaşlary örän begendirýär, buýsandyrýar.

Goý, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrýan asylly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Mährijemal BÄŞIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok