Sahara çöli 2,5 million ýaşynda

Sahara ýa-da Uly Sahara, Afrikanyň demirgazygynda, materigiň ortasyny we demirgazygyny bölüp, 9,000,000 km² meýdany tutýan çöl bolup durýar. Sahara dünýädäki iň uly yssy çöl hasaplanylýar. Ol Afrika yklymynyň takmynan 10%-ini eýeleýär.

«Sahara» sözi arap dilinde «Çöl» diýen manyny berýär. Sahara 2,5 million ýaşynda bolup, onuň meýdany Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň meýdanyndan hem uludyr.

Sahara diňe çöl bolmak bilen çäklenmän onda beýikligi 3,265 metre ýetýän çägä gömülen daglar hem bardyr. Çölüň käbir sebitlerinde 10 ýyldan gowrak wagt bäri ýekeje damja ygal düşmedik ýerleri hem bardyr.

Sahara çölünde iň ýokary temperatura 1922-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda hasaba alyndy. Şonda Saharanyň iň ýokary temperaturasy 136 gradusa deňdigi mälim edildi.

Saharada 90-dan gowrak oazis bar. Ýöne olaryň 3,6 million mil aralyga ýaýramagy sebäpli, ol ýerlerden suw gözläp tapmak kyndyr.

Sahara çölünde ýaşaýan çarwa halka «beduinler» diýilýär. «Beduin» sözi arapçadan terjime edilende «çölde ýaşamak, meýdanda ýaşamak» ýaly manylary berýär. Beduinler göçme çarwa halky bolup olar çölüň dürli ýerlerinde bar bolan şertlere, möwsüme şeýle-de zerurlyklara baglylykda ýaşaýarlar.

Emir ANNAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok