“Nazary mehanika” ders bäsleşigi jemlendi

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Nazary mehanika” dersi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige 12 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmen döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bäsleşige onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden saýlanan 3 sany talyp gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijesinde talyplar 3 sany I oruna, 8 sany II oruna, 11 sany III oruna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara hormat hatlar we baýraklar gowşuryldy.

Kakageldi Akmyradow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok