Meşhur kompozitor Bethowen baradaky täze gözleg

Meşhur kompozitor Lýudwig wan Bethoweniň ömrüniň ahyryna çenli saglyk meselelerini dünýä bilen paýlaşsa-da, näme üçin aradan çykandygy henizem syr bolmagynda galýar. Täze geçirilen gözleg, Bethoweniň aradan çykma sebäbini ýüze çykardy.

Nemes kompozitory 1827-nji ýylyň 26-njy martynda aradan çykdy. Geçirilen genetiki derňew kyn bolsada birnäçe soraglara jogap tapyldy.

Gözleg – Bethoweniň ömrüniň soňky ýyllarynda saglygynyň ýaramazlaşmagyna näme sebäp bolup biljekdigi barada käbir maglumatlary ýüze çykardy.

Gözlege görä, meşhur kompozitor ömrüniň dowamynda birnäçe saglyk meseleleri (aşgazan-içege keselleri, bagyr keseli) bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Onuň aradan çykmagyna sebäp bolan zat «gepatit B» wirusy bolupdyr.

Geçirilen gözlegler «Current Biology» ylmy žurnalynda çap edildi.

Merjen MYRATBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok