Ady arşa galan Magtymguly

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi gi­ňiş­le­ýin we yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Şa­hy­ryň aja­ýyp goş­gu­la­ry mil­li mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mek­de gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Magtymguly Pyragy türkmeniň görnükli akyldary, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biridir. Pyragynyň döredijilik örüsi edil türkmen sährasy ýaly giň, tebigaty ýaly özboluşly.

Beýik türkmen şahyrynyň watançylygy, mertlik, geçirimlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, rehimdarlyk, myhmansöýerlik häsiýetleri baradaky goşgulary terbiýeçilik mekdebidir. Şahyr Watan, watansöýüjilik baradaky düşünjäni has-da belende göterýär. Onuň çuň many-mazmuna, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiliginiň içinden watançylyk duýgulary eriş-argaç bolup geçýär. Watan mukaddesdir, gözüňe yssydyr, dünýädäki hiç bir zat dogduk Diýaryň, göbek ganyň daman ýerini tutup bilmez.

Şahyryň arzuwlary ХХ asyryň ahyrlarynda wysal boldy, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazandy, dünýäde hemişelik Bitarap ýurt boldy. Magtymgulynyň «Türkmen binasy», «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Gerekdir», «Öňi-ardy bilinmez», «Gökleň», «Reýgan eýledi», «Depe nedir, düz nedir», «Meýdan ýoluksa», «Gerek» ýaly goşgulary watançylyk ruhuna ýugrulandyr.

Gahryman Arkadagymyz beýik şahyryň döredijiligine aýratyn sarpa goýýar. 2014-nji ýyl ýurdumyzda «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi, «Magtymguly Pyragy» medaly döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, yzygiderli aladalary bilen şahyrymyzyň goşgulary dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp eserinde şeýle joşgunly, ýürege ýakyn sözler bar: «Watan genji-känimizdir. Bu genji-käniň çensiz uly gymmaty biziň oňa mynasyp gatnaşygymyz bilen açylýar. Watany bezeýän, Watany beýgeldýän Watanyň wepaly ogullarydyr, asylly gyzlarydyr».

Gurtberdi MAMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok