2023-nji ýylyň 28-nji martynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 4-nji oýny geçiriler.
“Dialog-parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti” atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň 4-nji oýny “Gadymy Ariý we Hindistan siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak binýatlary” diýen temada geçiriler.
Belläp geçsek, möwsümiň 4-nji oýny bilen baglanyşykly bäsleşige gatnaşýan okuwçylara 10-njy martda okuw sapagy geçirildi. Şeýle hem bu oýunda ýeňiş gazanan okuwçylar bäsleşigiň ýarym-final tapgyryna çykmaga mümkinçilik gazanarlar.
Handurdy Begžanow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler