Tej­ri­be­likde kä­mil­leşýäs!

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň institutymyzda hem halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerinde, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksada laýykdyr.

Soňky ýyllarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady sanly bilimiň serişdeleri, elektron aragatnaşyklary, öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly yzygiderli pugtalandyrylýar. Sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek indi orta mekdeplerden başlanýar. Biz hem okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berkitmek üçin kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Mekdeplere ornaşdyrylan innowasion we sanly tehnologiýalar okatmagyň hiliniň dünýä ölçegleriniň kadalaryna we talaplaryna laýyk gelmegine uly mümkinçilik döredýär.

Biz — ýaşlar barada edilýän şeýle aladalar üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!

Baýram ASTANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok