Sanly ulgamyň ösüşi rowaçlyga goşantdyr

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özüniň uly üstünlikleri, batly gadamlary bilen diýarymyzyň şanyna şan, ösüşlerine ösüş goşýar. Häzirki wagtda ähli ugurlarda sanly özgertmeleriň ençemesi amala aşyrylyp, jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hasaplanylýan bilimi kämilleşdirmeklik esasy üns merkezinde saklanylýar. Öňde goýlan belent maksatlara abraý bilen ýetmekde sanly ulgamy kämilleşdirmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle wajyp işiň düýp binýady orta mekdeplerde tutulyp, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini başarnykly we taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli wajyp wezipe bilen şertlendirilendir. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri yzygider kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Eziz Watanymyzda bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan nesilleri kemala getirmekdäki möhüm ädimdir. Munuň özi, ilkinji nobatda, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze bilim binalarynyň gurulmagyna, onuň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegine esaslanandyr. Mekdebe ilkinji gezek gadam basan çagalara ykjam kompýuterleriň sowgat berilmegi bolsa ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine ýardam edýär. Döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze innowasiýalary durmuşa geçirmek, ylmyň milli ykdysadyýetiň pudaklary bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm başlangyçlar kabul edilýär. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary» ýaly sanly tehnologiýalaryň ornuny artdyrmak, tehnologik başlangyçlary emele getirmäge şertleri döretmek, ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wezipeler maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly has köp zähmeti talap edýän işleri doly derejede awtomatlaşdyryp, ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini artdyrmakdan we netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu wezipeler bolsa, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin hünärmenleriň sanly ulgamyň möhüm ähmiýete eýe bolan innowasion, maglumat-aragatnaşyk enjamlaryndan, akylly tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmekleri häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Maksatnamalaýyn wezipeleriniň çäklerinde IT-tehnologiýalara esaslanan netijeli işler durnukly sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Amankuly ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok