Paryzdepe galasyna gezelenç

Ýaňy ýakynda Halkara gatnaşyklar institutynyň garamagynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Paryzdepe galasyna gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda halypa mugallymlar ýaşlara Paryzdepe galasynyň medeni we taryhy gatlaklary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň
11-nji synp okuwçysy Orazjemal Çaryýarowa: “ Biz bu gün halypa mugallymlar we Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary bilen Paryzdepe galasyna syýahata geldik. Bu ýerde halypa mugallymlar bize Paryzdepe galasy barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Bu syýahat meniň üçin ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Çünki men bu syýahatyň üsti bilen Paryzdepe galasynda türkmen zenanlarynyň dokmaçylyk bilen meşgullanandyklaryna hem-de şol döwürde dokmaçylygyň ösen derejesine ýetendigi barada birnäçe maglumatlary edindim. Mundan başga-da Paryzdepe galasy Parfiýa we Seljuk döwletleriniň döwründe meşhurlyga eýe bolupdyr” diýip, ýürek buýsançlaryny beýan etdi.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär. Bu bäsleşik bolsa, mekdep döwründen başlap geljekde diplomat bolmagy maksat edinen zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Jumaýewa Nowçagül,
Döwletmämmet Azady adyndaky
türkmen milli diller dünýä institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok